Soňky habarlar

Arhiw

Kirkorow özüni sahy adam diýip atlandyrdy

15:4807.06.2023
0
22412
Kirkorow özüni sahy adam diýip atlandyrdy
Surat: gazeta.ru

Russiýaly meşhur aýdymçy Filipp Kirkorow «mk.ru» neşiri bilen söhbetdeşliginde özüni sahy adam hökmünde häsiýetlendirdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Aýdymçy özüniň hiç wagt gysyk bolmandygyny, pul sanamandygyny gürrüň berdi. Onuň pikiriçe, bu biziň döwrümizde ýalňyşdyr. Kirkorow hemişe gullukçy işgärlerine çaýhaky töleýändigini aýtdy, ol ýüküni göterişýänlere-de, hyzmatkärlere-de çaýhakyny gysganmaýandygyny nygtady.

«Men öýümde oňat işleýänleri-de pul sylagy bilen höweslendirip durýaryn» diýip, aýdymçy aýtdy.

Aýdymçy özüniň daş-keşbi barada-da yzygiderli alada edýär. «2024-nji ýylyň 30-njy aprelinde öz täze keşbim bilen hemmeleri aňk ederin» diýip, ol aýtdy.

Kirkorow artistler hemişe özüne serenjam bermelidir, adamlary öz ýakymly keşbi bilen begendirmelidir diýip hasaplaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň