Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Italiýanyň milli baýramy — Respublika güni bellenildi

15:0005.06.2023
0
14411
Aşgabatda Italiýanyň milli baýramy — Respublika güni bellenildi
Surat: newscentralasia.net

2-nji iýunda Aşgabatda Italiýanyň milli baýramy— Respublika güni mynasybetli dabara geçirildi. Oňa wise-premýer Batyr Atdaýew, Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari hem-de onuň maşgalasy Sabrina Ferrari, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, hormatly myhmanlar gatnaşdylar.

Ilçi Ferrari myhmanlara gutlag ýüzlenmesinde, şu ýyl giňden belleniljek Italiýanyň milli baýramy — Respublika gününiň 28 ýyllygynyň Merkezi Aziýada sebit howpsuzlygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýändigini aýtdy. Ilçi:

«Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan we Italiýa Birleşen Milletler Guramasynda hem-de beýleki halkara guramalarda özara ynsanperwerlik we parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar. Oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi Italiýanyň daşary syýasat strategiýasyna hem-de tutuş Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýär» - diýdi.

Ilçiniň belleýşi ýaly, türkmen-italýan diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylda ýola goýulyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly esasy bolan kadalaşdyryjy-hukuk binýady häzirki wagta çenli gol çekilen döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň uly toplumy bilen berkidildi. Italiýa indi köp ýyllaryň dowamynda Ýewropa giňişliginde Türkmenistanyň möhüm söwda hyzmatdaşy bolup durýar. Netijeliligi bilen tapawutlanýan bu gatnaşyklaryň giňeldilmegine ykdysadyýetiň hususy bölegi uly goşant goşýar. Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady ösüşiň giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan italýan kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ferrari sözüniň dowamynda Italiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky bilim we arheologiýa pudagyndaky netijeli hyzmatdaşlyga ünsi çekdi. Ol: «Häzirki wagtda italýan dili türkmen ýaşlarynyň arasynda uly höwes bilen öwrenilýär. Bu dil Aşgabatdaky ýokary okuw mekdepleriniň üçüsinde okadylýar. Indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri italýan arheologlary türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk edýärler» - diýdi.

Ilçi Luiji Ferrari çykyşynyň ahyrynda dostlukly türkmen halkyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň