Top.Mail.Ru

Türkmenistan Hytaýa tebigy gaz eksportyny artdyrdy

13:5505.06.2023
0
29846

Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistan Hytaýa, takmynan, 2,9 milliard kub metr tebigy gaz iberip, eksportyň mukdaryny artdyrdy. Bu barada «Trend.az» habar berdi.

Resmi maglumatlara görä, şu aýda gaz eksportynyň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri (2,4 milliard kub metr) bilen deňeşdirilende, 20,8 göterim köpeldi.

Hytaý Türkmenistandan başga-da mart aýynda Gazagystan (380 million kub metr) we Özbegistan (140 million kub metr) ýaly Merkezi Aziýa ýurtlaryndan tebigy gaz import etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan öz gazyny öz çäginden, şeýle hem Özbegistandan we Gazagystandan geçýän üç gaz geçirijisi arkaly Hytaýa iberýär. Bu gaz geçirijileriniň umumy kuwwaty ýylda 55 milliard kub metr gaza barabardyr.

Mundan başga-da, 2022-nji ýylyň fewralynda Türkmenistan bilen Hytaýy birleşdirjek gaz geçirijisiniň dördünji liniýasynyň gurluşygy ylalaşyldy. Bu liniýa işe girizilenden soň, Türkmenistandan Hytaýa iberilýän gazyň ýyllyk mukdarynyň 65 milliard kub metre çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň