Top.Mail.Ru

2300 tonna pile: ýüpekçiler şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler

21:4802.06.2023
0
23745

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer A.Ýazmyradow ýurduň ýüpekçileriniň Watan harmanyna 2300 tonna pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy. Wise-premýer ähli oba hojalyk işgärleriniň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa netijeli zähmet çekmäge döreden şertleri üçin hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutany ýurduň ýüpekçileriniň ajaýyp zähmet üstünliklerini kanagatlanma bilen kabul edip:

— Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly adamlar! Ýurdumyzyň ussat ýüpekçileriniň yhlasly zähmeti netijesinde, Watan harmanyna 2300 tonnadan hem gowrak pile tabşyryldy. Biz ýüpekçiligi ösdürmek üçin köp işleri ýerine ýetirýäris. Geljekde hem bu pudaga uly üns bereris. Men Sizi we ähli halkymyzy pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin — diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň