Soňky habarlar

Arhiw

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzümleri kämilleşdiriler

14:1427.05.2023
0
46976

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzümlerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ozal Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň garamagyndaky teleradio edaralaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýändigi barada habar beripdik.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň