Türkmenistanda «Arkadag» atly täze teleýaýlym dörediler

22:3930.03.2023
0
51779

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Arkadag» teleýaýlymyny döretmek we 2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap, gije-gündiziň dowamynda 15 sagatlap gepleşikleri ýaýlyma berip başlamak bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminama bilen Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy. Şeýle hem Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Bellenilişi ýaly, täze teleýaýlym Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda, şol sanda Arkadag şäherinde amala aşyrylýan beýik işleri, gazanylýan üstünlikleri ussatlyk bilen açyp görkezýän hem-de wagyz edýän kämil gepleşikleri taýýarlap, teleýaýlymlaryň üsti bilen halka ýetirmek, şeýle hem türkmen telewideniýesiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň