Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bäsleşik yglan edýär

0
5519
Salgysy:
Туркменистан, г. Ашхабад, Центр телерадиовещания «Туркменистан».
Telefon belgiňiz:
44-23-33, 44-22-00, факс: 92-52-42.
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti garamagyndaky teleradio edaralaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde teleradio enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar.

Ähli gatnaşmak isleýänlere teklip edilýär:

- bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça arza berilmeli;

- bäsleşigiň düzgünleri bilen tanyşmaly:

- tehniki tabşyrygy almaly;

- getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen täjirçilik teklibi düzüp tabşyrmaly.

Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediler.

Bäsleşik teklipli bukjalar 2023-nji ýylyň 5-nji maýyna, sagat 18:00 çenli kabul edilýär:

Salgysy: Aşgabat şäheri, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-23-33, 44-22-00, faks: 92-52-42.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler