Türkmenistanda halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijilerine Prezidentiň sowgatlary gowşuryldy

22:1025.05.2023
0
13796

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda 2023-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda geçirilen abraýly halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenlerine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy dabara gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.

Soňra dabaraly ýagdaýda tapawutlanan we 2023-nji ýylyň aprel-maý aýlaryndaky halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Ilki bilen, şu ýylyň 3 — 13-nji maýy aralygynda Koreýa Respublikasynyň Çinju şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistana wekilçilik eden türgenler çagyryldy. Şeýle hem 17 — 22-nji aprel aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde suwda ýüzmek boýunça geçirilen açyk çempionatda çykyş eden türkmen türgenleri dürli derejeli medallara mynasyp boldular.

Soňra şu ýylyň 23 — 30-njy apreli aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde «Ararat Kubogy — 2023» atly adaty karate boýunça halkara ýaryşlara gatnaşan türgenler, şeýle-de 12 — 15-nji maýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen «Aziýa Kubogy — 2023» atly halkara ýaryşda ýeňiş gazanan türgenler şowhunly el çarpyşmalar bilen sahna çagyryldy.

Türkmen türgenleri Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde aşihara karate boýunça şu ýylyň 4 — 7-nji maýy aralygynda geçirilen Ýewro-Aziýa çempionatynda tapawutlanmagy başardylar. 12 — 15-nji maý aralygynda Estoniýa Respublikasynyň Tallin şäherinde taekwondo boýunça geçirilen halkara ýaryşda türkmen türgenleri köp sanly medallary eýelediler. Erkin we grek-rim göreşi boýunça abraýly ýaryşlara gatnaşyp, hormat münberine çykan türgenleriň adyna hem gutlag sözleri aýdyldy. Hususan-da, Rumyniýanyň Buharest şäherinde şu ýylyň 11 — 16-njy maýy aralygynda Konstantin Aleksandrunyň we Ioan Popowiçiň hormatyna geçirilen halkara ýaryşda Türkmenistanyň türgenleri ýokary netijeleri gazandylar.

Soňra şu ýylyň 18 — 21-nji maýy aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde kikboksing boýunça guralan halkara ýaryşda ýeňiş gazanan türgenler sylaglanyldy.

28-29-njy aprelde Kuweýt Döwletiniň El-Kuweýt şäherinde dzýudo boýunça geçirilen Aziýanyň açyk çempionatynda türkmen türgeni kümüş medala mynasyp boldy. Şu ýylyň 25 — 30-njy apreli aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou şäherinde kuraş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri ýokary netijeleri görkezdiler. 2 — 15-nji aprelde Hindistan Respublikasynyň Bhubaneşwar şäherinde 14 ýaşly we ondan kiçi türgenleriň arasynda tennis boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda türkmen türgeni kümüş medala mynasyp boldy. Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýaşlar topary Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde 17 — 23-nji aprel aralygynda geçirilen Hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň üçünji «A» diwizion toparynda ikinji orna mynasyp boldy. Şu ýylyň 11 — 15-nji maýy aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Geýdar Aliýewiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen talyp türgenleriň arasyndaky basketbol boýunça halkara ýaryşda Türkmenistanyň türgenler topary bürünç medaly eýeledi.

2022-nji ýylyň 21 — 30-njy sentýabry aralygynda Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde paralimpiýa pauerlifting boýunça geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda medallara mynasyp bolan türgenleriň sylaglanylmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Ýokary netijeleri gazanan türgenleriň hormatyna Döwlet senasy ýaňlandy.

Soňra şu günki şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň