Soňky habarlar

Arhiw

U-20 ýygyndylaryň arasyndaky CAFA ― 2023 çempionatynyň Täjigistan ― Türkmenistan duşuşygy «Futbol» teleýaýlymy tarapyndan alnyp görkeziler

12:4524.05.2023
0
35278

Täjigistanyň «Futbol» teleýaýlymy 20 ýaşa çenli ýygyndylaryň arasynda geçirilýän CAFA ― 2023 çempionatyndaky Täjigistan ― Türkmenistan duşuşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer.

24-nji maý güni geçiriljek duşuşyk sagat 17:00-da başlanar.

Şeýlelikde, türkmenistanly futbol janköýerleri duşuşyga IPTV arkaly tomaşa edip bilerler.

21-nji maýda başlanan çempionatyň 28-nji maýda tamamlanjakdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň