Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary başlandy

10:2524.08.2015
0
2583

24-nji awgustda Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň Türkmenistana resmi sapary başlandy.

Dostlukly ýurduň hökümetiniň baştutanynyň iki günlük saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenbaşy şäherine baryp görmek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde belent mertebeli myhman Halkara deňiz portunyň gurluşyk meýdançasyna baryp görmegi hem-de sebitde iri senagat kärhanasynyň — Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işi bilen tanyşmagy göz öňünde tutýar.

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň arasynda  geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikler iki dostlukly ýurduň netijeli döwletara gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň  ugry hem-de türkmen döwletiniň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen soňky ýyllarda giňelen gatnaşyklarynyň çäklerinde netijeli döwletara gatnaşyklaryny okgunly ösdürmegi ugur edinýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat eder.

Garaşylyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň duşuşygynyň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň usullaryny işläp taýýarlamaga uly üns berler. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-bolgar toparynyň işi şol gatnaşyklara kuwwatly itergi berer. Medeni-gumanitar gatnaşyklaryny giňeltmek meselesi hem aýratyn ara alnyp maslahatlaşylar. Şol gatnaşyklar iki ýurduň dostlukly halklaryna müňýyllyklaryň dowamynda toplanan baý medeni tejribeleri we däpleri yzygiderli alyşmaga mümkinçilik döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň