Soňky habarlar

Arhiw

Sian şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammiti öz işine başlady

08:3019.05.2023
0
18597

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammiti öz işine başlady. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary bardylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Bellenilişi ýaly, sammitiň öňüsyrasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy geçirildi. Nobatdaky ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Olar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdiler.

Forumy geçirmek üçin Sian şäheriniň saýlanyp alynmagynda çuňňur many bar. HHR-iň bu iri senagat, işewürlik, medeni we bilim merkezi gadymy döwürlerde söwda kerwenleriniň ugraýan başlangyç ýeri bolupdyr. Ondan ugraýan kerwenler Beýik Ýüpek ýoly bilen Merkezi Aziýanyň çäginden geçip, Hytaýy we sebitiň beýleki döwletlerini baglanyşdyrypdyr. Şunda Sian bilen Mary şäheriniň doganlyk şäherlerdigini bellemek gerek.

Häzirki günde Türkmenistan we Hytaý özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň ýokary derejesini gazandylar. Taraplaryň hoşniýetli erki esasynda iki döwletiň we olaryň halklarynyň özara ýakynlaşmagy onýyllyklary nazarlaýan dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň binýadynyň pugtalandyrylmagyna itergi berýär.

Sammitiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyş eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň