Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Söwda-Senagat edarasynyň ýerine ýetiriji direktory A.Aleksanýan bilen duşuşdy.
10-njy maýda bolan söhbetdeşligiň barşynda ulag-logistika infrastrukturasynyň meseleleri we täze logistika ugurlaryny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.
Ermenistanyň Söwda-Senagat edarasynyň wekilleri Türkmenistanyň üsti bilen ermeni ýüklerini daşamagyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri baradaky meseläni orta atdylar, şeýle hem göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen işewür-hyzmatdaşy we türkmen ýük daşaýjylaryny tapmakda ýardam bermegi ilçiden haýyş etdiler.
Ilçi M.Aýazow häzirki wagtda Türkmenistanyň sebitde, şeýle hem bütin dünýäde ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek we bu ugurda birnäçe halkara maslahatlary geçirmek bilen bagly başlangyçlar bilen çykyş edýändigini habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomaty söhbetdeşlerine ýaňy-ýakynda Türkmenistanda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» halkara maslahatyň we sergisiniň geçirilendigini aýdyp geçdi. Ol şeýle hem, bu maslahatyň dowamynda bütin dünýäden ulag çygrynda öňdebaryjylaryň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän, ykdysady ýagdaýlaryň çalt üýtgeýän şertlerinde bütindünýä söwdasynyň ösüş mümkinçiliklerini we depginlerini hasaba alýan täze mümkinçilikleri hödürländikleri barada belledi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasynda logistik ugurlarynyň ýola goýulmagynyň iki döwletiň hem işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygyny ugrukdyrmaga we mundan beýläk hem ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.