Soňky habarlar

Arhiw

«Kümüş Ýüpek» dükanynda halylaryň ähli görnüşine arzanladyş yglan edildi

09:5911.05.2023
0
32085

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň «Kümüş Ýüpek» haly kärhanasy ähli haryt görnüşlerine 30% arzanladyş yglan edilýändigini habar berýär.

Kärhanada ölçegleri, göwrümi hem-de ini köpdürlüligi bilen tapawutlanýan halylar türkmen milli halyçylyk däplerine kybap görnüşde, şeýle-de ýewropa stilinde we pars halylarynyň öwüşgininde dokalýar. «Kümüş Ýüpegiň» ussat halyçylary halylar bilen bir hatarda, horjunlary, telefon daşlyklaryny, namazlyklary, halyçalary we başga-da dürli hili haly önümlerini dokaýarlar. Kärhana sargyt esasynda müşderileriň islegine laýyk gelýän adaty bolmadyk ölçeglerde myhman otagy, çagalar otagy, aşhana, iş otagy ýaly gurşawlar üçin dürli ölçegdäki halylary hem dokap berýär.

«Kümüş Ýüpek» kärhanasynyň haly önümleriniň assortimenti bilen has giňişleýin şu salgyda ýerleşýän dükanynda tanyşmak bolýar: Aşgabat ş., «Oguzkent» myhmanhanasy, 1-nji gat, «Haly» dükany.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 61) 58 56 94, (+993 64) 95 43 99.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň