Soňky habarlar

Arhiw

«Kümüş Ýüpek» HJ sargyt esasynda çagalar otagy üçin halylary dokaýar

10:1113.01.2023
0
32425

Çagalar otagyny goş bilen üpjün etmekde onuň ýer örtügine, aýratynam oňa düşeljek halylara özboluşly orun degişlidir. Bu babatda islendik häzirki zaman adama çagalar otagy üçin nähili haly saýlansa gowy bolar diýen sowal bilen ýüzlenilse, onuň oýlanmazdan tebigy äheňli halylar diýip jogap berjegi mälimdir. Sebäbi bu hili halylar çagalar otagynyň interýerine kybap gelýär.

Tebigy we ekologiýa taýdan arassa materiallardan dokalan halylary halaýanlar üçin halaçly halyçylar çagalaryň oýun hem-de ýatylýan otagyna niýetlenen ajaýyp halylary dokap berýärler.
Uly bolmadyk ölçegli halylary bu otaglaryň islendik ýerine ýazmak göwnejaý bolup biler.

Otagyň giňişliginde pol örtügini bütinleýin diýen ýaly tutýan uly çaga halylarynyň ýüzi örän ýumşak bolup, ol çaganyň oýnaýan mahalynda ýa-da ilkinji ädimlerini ädip başlanda şikes ýetmek howpuny azaldýar.

Halajyň «Kümüş Ýüpek» haly kärhanasynda öndürilen haly önümleriniň tapawutly artykmaçlyklaryna olaryň ýokary hilini, ýumşaklygyny, ýylylygyny we ýakymlylygyny görkezip bolar.

Halaç halylary 100% tebigy ýüňden öndürilýär, bu bolsa olaryň ekologik häsiýetini hem-de zäherli täsirleriň ýokdugyny kepillendirýär.

Sargyt esasynda hyzmatlary ýetirmekde halyçy zenanlar müşderileriň isleglerini nazarda tutýarlar. Degişli haly önümleri özboluşly awtorlyk şekiline eýe bolup, müşderiniň isleýşi ýaly görnüşde dokalýar.

Kärhananyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan özboluşly gölli halyçalar ýa-da adaty milli gölli çagalar halysy siziň perzendiňiz üçin köp ýyllyk ýadygärlik sowgady bolar.

«Kümüş Ýüpek» hojalyk jemgyýeti alyjylara ýokary hilli we owadan önümleriniň giň görnüşlerini hödürleýär. Olaryň hataryndan bolsa çagaňyzyň otagyna has ýerlikli boljak halylary tapyp bilersiňiz.

Halaç halylaryndan sargyt etmek we «Kümüş Ýüpek» hojalyk jemgyýetiniň haly önümleri bilen tanyşmak üçin kärhananyň turkmen-carpets.com web saýtyna ýa-da sosial media ulgamyndaky hasabyna salgylanyp bilersiňiz.

Telefon belgileri: (+993 61) 58 56 94, (+993 64) 95 43 99.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň