Soňky habarlar

Arhiw

Halajyň «Kümüş Ýüpek» kärhanasynda eýran milli halylary dokalýar

11:5703.11.2022
0
25497
Halajyň «Kümüş Ýüpek» kärhanasynda eýran milli halylary dokalýar
Surat: carpet-gold.ru

Halajyň «Kümüş Ýüpek» halyçylyk kärhanasy diňe bir Türkmenistanyň çäginde däl-de, eýsem ýurduň daşynda hem özboluşly meşhurlyga eýe bolup başlady. Türkmen çeper halyçylyk sungatynyň nusgalaryndan başga hem halaçly halyçylar eýran milliligini özünde şöhlelendirýän, eýran gölleri we nagyşlary bilen bezelen el halylary dokap, olara pars ussat halyçylarynyň dokmaçylyk ussatlyk stilini siňdirýärler.

Surat: carpet-gold.ru

«Kümüş Ýüpegiň» halyçylary islendik görnüşli ajaýyp şekiller bilen halylary, şol sanda hasyllylygy we haýwanat dünýäsini alamatlandyrýan şekiller bilen bezelen gül şekilli gölleri halylara ýerleşdirip, täsin halylary dokap berýärler.

Eýran milli gölli halylar gurşawyň stilistikasyna bagly bolmazdan öýleriň we ofisleriň interýerine özbaşdak bezeg berýär. Olaryň reňkdarlygy bolsa müşderiniň islegine görä açyk sary, mawy, asman gök, ýapyk gülgüne, gülgüne, süýt reňkli hem-de beýleki dürli reňklerde bolup biler.

Gurşawyň ölçegini almak we halylaryň laýyk geljek dizaýnyny kesgitlemek üçin Halajyň haly kärhanasynyň halyçylary mugt baryp maslahat bermek hyzmatyny ýerine ýetirýärler.

«Kümüş Ýüpegiň» pars halylaryny Türkmenistanyň ähli ýerlerine habarlaşmak arkaly hem-de kärhananyň turkmen–carpets.com resmi saýtyndan sargyt edip bolýar. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 61) 58 56 94, (+993 64) 95 43 99.


Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň