Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Balyklaryň we deňiz iýmitleriniň köpdürli görnüşleri — «Aşgabat» gipermarketinde

16:1813.05.2024
1
21153

«Aşgabat» gipermarketiniň balyk bölümi sowadylan we doňdurylan balyklaryň, deňiz önümleriniň, şeýle hem ýarym fabrikat balyk önümleriniň we delikatesleriň giň görnüşlerini hödürleýär.

Alyjylar gipermarketde ter balygy saýlamak bilen, ony şolbada kesdirip alyp bilerler. Dükanyň assortimentinde skumbriýa, som, sazan, sibas, selýodka, steýk ketler, sudagyň filesi we ş.m. görnüşler bar.

«Aşgabat» gipermarketinden diňe bir ter däl, eýsem delikates balyk önümleri bilen hem gyzyklanyp bilersiňiz. Balyk bölüminiň tekjelerinde akula eti, dürli görnüşli krewetkalar, kalmaryň, midiýanyň, semganyň, osetrinanyň filesi we beýleki balyk tagamlary hödürlenýär. Konserwirlenen önümleriň görnüşleri-de müşderileri biperwaý goýmasa gerek: işbiller, tunes, külke balyjaklar, şprotlar...

Ýeri gelende bellesek, gipermarketden diňe bir azyk önümlerini däl, eýsem öý harytlaryny, hojalyk üçin enjamlary, egin-eşikleri, kosmetika serişdelerini, oýunjaklary, kanselýariýa we başga-da köpdürli görnüşli harytlary satyn alyp bolýar.

«Aşgabat» gipermarketi aksiýalary we arzanladyş çärelerini yzygiderli geçirýär, şeýle hem satyn alnan harytlaryň umumy möçberine baglylykda mugt eltip bermek ýa-da taksi hyzmatyny hödürleýär. Bu hyzmat barada has giňişleýin maglumat üçin (+993 65) 81 22 92 telefon belgisine jaň edip bilersiňiz.

Gipermarket «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezindäki «B» bloguň 0-njy gatynda ýerleşýär. Iş wagty sagat 8:00-dan 23:00-a çenlidir.

Şeýle hem gipermarketiň mobil goşundysyny Google Play we AppStore internet dükanlaryndan ýükläp alyp, ondan onlaýn söwda edip bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň