Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Aşgabat» gipermarketi öz öndürýän peýnirleriniň we beýleki süýtturşy önümleriniň köpdürli görnüşlerini hödürleýär

10:1622.02.2024
0
32805

«Aşgabat» gipermarketi öz öndürýän süýtturşy önümleriniň giň haryt görnüşlerini hödürleýär. Bu ýerden sagdyn we tagamly iýmitlenmek üçin zerur bolan sliwka, dorag, mesge ýagy ýaly önümleri, şeýle hem «Paýtagt», «Ýagly» hem-de «Mazarella» haryt nyşanly 12 dürli görnüşli peýnirleri tapmak bolýar.

Süýtturşy önümleri täze we tebigy goşundylardan taýýarlanylýar. Önümçilikde diňe süýdüň peýdaly aýratynlyklaryny saklamaga mümkinçilik berýän tehnologiýalar ulanylýar. Her günde sehde 3500 litre çenli süýt gaýtadan işlenilýär.

Gipermarketiň syrlarynyň arasynda klassiki görnüşler bilen birlikde, has original görnüşleri hem bar. Mysal üçin, gök-otly peýnir, pizza üçin mozarella.

Süýtturşy önümleri adam iýmitiniň möhüm bölegidir. Olarda bedeniň saglygy we kadaly işlemegi üçin möhüm bolan köp peýdaly maddalar bar. Süýtturşy önümlerinden ýokary derejede peýda almak üçin düzüminde zyýanly goşundylary ýa-da himiki maddalary bolmadyk tebigy önümleri saýlamak möhümdir.

Aşgabadyň» wekiliniň bellemegine görä, gipermarketiň süýtturşy önümleri — saglygy barada alada edýän we datly iýmitleri iýmegi halaýan adamlar üçin ajaýyp saýlawdyr.

«Aşgabat» gipermarketiniň çagalar we uly ýaşlylar üçin dürli hili egin-eşikleri, aýakgaplary, öý-hojalyk harytlaryny, elektronika enjamlaryny, iýmit önümlerini, bezeg kosmetikasyny, atyrlary, kanselýariýa harytlaryny, dokma önümleri, hojalyk himiki serişdeleri we başga-da müňlerçe önümleri hödürleýändigini hem ýatladýarys.

Oňaýly bolmagy hem-de wagty tygşytlamak üçin Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarydyr myhmanlary (+993 65) 81 22 92 telefon belgisine jaň edip ýa-da mobil goşundysy arkaly (Google Play we AppStore internet dükanlaryndan ýükläp alyp bolýar) gipermarketden gerekli bolan harytlaryny sargyt edip bilerler.

Mundan başga-da, «Aşgabat» özboluşly hyzmaty ýerine ýetirýär — 500 manatdan az bolmadyk möçberde söwda edýän müşderileri öýünden gipermarkete tölegsiz getirýär we yzyna alyp gidýär. Bu hyzmat diňe türkmen paýtagtynyň çäginde hereket edýär.

«Aşgabat» söwda-dynç alyş merkeziniň B blogunyň 0-njy gatynda ýerleşýän gipermarkete her gün sagat 8:00-dan 23:00-a çenli baryp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň