Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Aşgabat» gipermarketinde söwda edip başlamagyň esasy 5 sebäbi

12:1412.02.2024
0
53994

«Aşgabat» gipermarketinde näme üçin hut şu ýerde söwda edip başlamalydygynyň esasy 5 sebäbini aýtdylar. «Aşgabat» myhmanlara köp sanly artykmaçlyklary hödürleýär:

1. Harytlaryň köpdürli görnüşleri. Gipermarketde azyk önümleri, hojalyk harytlary, egin-eşik, aýakgap, öý we bag üçin harytlar, oýunjaklar – ähli zerur zatlar bir ýerde hödürlenýär. Bu bolsa wagty tygşytlamagy kepillendirilýär! «Eger görnüşleri saýlamakda özüňizi çäklendirmek islemeýän bolsaňyz, onda hoş geldiňiz!» diýip, «Aşgabadyň» wekili belledi.

2. Söwda etmek üçin amatly şertler. Söwda arabasy bilen hereket etmek üçin giň söwda zallary. Şeýle hem «Aşgabat» gipermarketiniň golaýynda awtoulag duralgasy bar. Mundan başga-da, gipermarketiň çäginde aýratyn karaoke zaly we eýwany bolan «Aşgabat» restorany ýerleşýär. Restoranyň menýusynda türk, Ýewropa we ýapon aşhanalarynyň tagamlary hödürlenýär.

Bularyň hemmesi söwda prosesini has amatly edýär.

3. Transfer ýa-da taksi – mugt. 350 manatdan başlanýan möçberde harytlar satyn alnanda, müşderilere «Öýe çenli taksi – mugt» hyzmat hödürlenýär.

Şeýle hem 500 manatdan ýokary möçberde söwda etmegi meýilleşdirýän müşderiler özboluşly teklipden – öýden gipermarkete we yzyna alyp gitmek hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.

Transfer hyzmatyny sargyt etmek üçin (+993 65) 81 22 92 belgä jaň etmeli.

4. Ýerli önümçilige degişli tebigy süýt önümleri. «Aşgabatda» «Paýtagt», «Ýagly» we «Mazarella» haryt nyşanlarynyň täze taýýarlanan peýnirlerini, doraglaryny, gaýmaklaryny hem-de mesge ýaglaryny satyn almak mümkindir.

5. Amatly teklipler. «Aşgabat» gipermarketinde pul tygşytlamaga we iň ýokary girdeji bilen söwda etmäge ýardam berýän aksiýalar hem-de arzanladyşlar yzygiderli geçirilýär.

Ýatlatsak, gipermarketde onlaýn söwda etmek hem mümkindir. Munuň üçin «Google Play-den» we «AppStore-dan» ykjam programmany ýükläp almaly. Onuň kömegi bilen diňe bir dürli harytlary satyn almak bilen çäklenmän, «Aşgabat» restoranyndan taýýar naharlary hem sargyt edip bilersiňiz.

Gipermarket Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna we paýtagtyň myhmanlaryna «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkeziniň «B» blogynyň birinji gatynda garaşýar. Iş wagty 8:00-dan 23:00-a çenli.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň