10-njy maýda Azerbaýjanyň ilkinji Prezidenti Geýdar Alyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy ata Watanynda giňden bellenilip geçildi.
Bu taryhy sene mynasybetli, Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Aliýewe Belarusuň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko gutlag hatyny ýollady. Ol hatynda Geýdar Alyýewi özüniň mugallymy, halypasy hökmünde häsiýetlendirdi diýip, «Belta.by» ýazýar.
Russiýanyň Prezidentiniň metbugat-kätibi Dmitriý Peskow görnükli döwlet işgärine adatdan daşary zehinli şahsyýet hökmünde baha berip: «Geýdar Alyýew rus-azerbaýjan gatnaşyklarynyň taryhyna ebedi girdi» diýip nygtady.
Şeýle hem, Gyrgyzystanyň paýtagtyndaky Milli taryhy muzeýde Geýdar Alyýewiň 100 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy. Sergide görnükli syýasatçynyň ömrüniň dürli pursatlarynda düşürilen iki ýüz töweregi fotosuraty ýerleşdirildi.
10-njy maýda Azerbaýjanyň jemgyýetçilik wekilleri milli Lideri hatyralap, onuň baky aram tapan ýeri bolan Hormat aramgähi alleýasyna baryp, gül desselerini goýdular.
Şanly sene mynasybetli ýurduň Prezidenti Ylham Alyýew öz halkyna ýüzlenmesinde: «Beýik Lideriň azerbaýjan halkynyň öňünde bitiren hyzmatlary çäksizdir we biz onuň ýoly bilen öňe barýarys» diýdi.
Geýdar Alyýewiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurduň paýtagty Baku şäherinde köpçülikleýin medeni çäreler geçirildi. Olara ýurduň resmi adamlary, «Harybülbül» Halkara aýdym-saz festiwalynyň myhmanlary hem-de görnükli medeniýet - sungat işgärleridir alymlar gatnaşdylar diýip, «Trend» ýazýar.