Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Tailand Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Apirat Sugondhabhiromdan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan myhmany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Tailandyň ýolbaşçylarynyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny ýetirdi we deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Söhbetdeşligiň barşynda ilçi Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, halkyň abadançylygyna we netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdyryldy.
Tailand Patyşalygynyň ilçisine şeýle hem ýurtda amala aşyrylýan durmuş ugurly giň gerimli özgertmeler, dürli ulgamlarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirilýän aýratyn ähmiýetli milli we halkara taslamalar barada gürrüň berildi.
Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ösdürilýän türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň geljegi bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň meseleleri duşuşygyň aýratyn mowzugy boldy.
Diplomat iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli dialogyň we hoşniýetli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.