Soňky habarlar

Arhiw

GDA-nyň II Oýunlarynyň resmi saýty işläp başlady

02:1504.05.2023
0
25993

GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynyň resmi saýty öz işine başlady – diýip, Syýahatçylyk baradaky milli agentlige salgylanyp, BelTA habar berýär.

Saýtda Oýunlar barada ähli gerekli maglumaty tapyp bolýar, olar bilen baglanyşykly soňky täzelikler bilen tanşyp bolýar. Sport çäresi şeýle hem ähli sosial torlarda we messenjerlerde hödürlenendir.

GDA ýurtlarynyň II Oýunlary Belarusda 2023-nji ýylyň 4-nji awgustyndan 14-nji awgustyna çenli geçer. Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabarasyny ýurduň paýtagtyndaky «Minsk-Arena» kabul eder. Ýaryşlar şeýle hem Brestde, Witebskiýde, Gomelde, Grodnoda, Mogilýowde, Borisowada, Soligorskide, Orşda, Molodeçnoda we Žlobinede geçiriler.

Şunda sportyň 20 görnüşi boýunça çempionlar we dürli baýraklara eýe boljak türgenler kesgitlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň