Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Katarda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň ýygnagyna gatnaşdy

01:1404.05.2023
0
26456

Katar Döwletiniň Doha şäherinde BMG-niň Baş Sekretarynyň howandarlygynda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş hem gatnaşdy. Türkmen tarapyndan agzalan duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiyew gatnaşdy. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşykda Owganystanyň häzirki syýasy-harby, ykdysady we ynsanperwer ýagdaýlary barada pikir alyşyldy.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwer ýörelgeleri esasynda owgan halkyna yzygiderli kömekleriň berilýändigi barada nygtady. Şeýle hem Türkmenistan özüniň oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, bu ýurduň ykdysadyýetini ösdürmeklige gönükdirilen TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik geçirijisiniň we demir ýol ugry boýunça uly taslamalaryň amala aşyrylýandygy bellendi.

BMG-niň ýolbaşçylygynda geçirilýän şeýle duşuşyklaryň Owganystandaky ýagdaýlaryň kadalaşmagyna oňyn ýardam etjekdigi barada nygtaldy.

Mundan başga-da, Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde 2-nji maýda Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş sekretarynyň Ýakyn Gündogar, Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça kömekçisi Haled Hiari bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Owganystandaky ýagdaý barada özara pikir alyşyldy. Türkmenistanyň Owganystan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, iri ykdysady taslamalary amala aşyrmak we owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermek boýunça amala aşyrýan işleriniň Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygy nygtaldy.

H.Hiari öz gezeginde, Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça hem-de durnukly ösüş babatda alyp barýan anyk işlerini aýratyn nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň