Şu gün, 2-nji maýda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) 8-nji maslahaty geçirildi. Onda federasiýanyň häzirki prezidenti Rustam Emomali 2027-nji ýyla çenli ýene öz wezipeesinde galdyryldy.
Geçirilen saýlawa Rustam Emomali ýeke-täk dalaşgär hökmünde girdi.
Şeýle hem maslahatda Owganystanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Mohammad Ýusuf Korgar bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlanyldy.
Maslahata FIFA-nyň prezidenti Žanni Infantino bilen AFK-nyň prezidenti Şeýh Salman bin Ibragim Al-Halifa hem gatnaşdy.