Futzal boýunça ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynda ýedinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onuň netijesinde paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparynyň ýeňişli ýörişi dowam edýär.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryş tertibiniň öňbaşçysy bu tapgyrda «Milli goşun» toparyny 16:3 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Gazanan bu ýeňşinden soň 21 utuk toplan «Köpetdag» öňdäki orny eýelemegini dowam edýär.
Naýbaşy ligasynyň ikinji topary «Deňizçi» hem bu tapgyrda ýeňiş ýeňiş gazandy. «Deňizçi» bu tapgyrda «Migrasiýadan» 3:1 hasabynda üstün çykdy. Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Senagatbank» TBGIZT toparyndan üstün çykdy, «Gümrükçi» bilen «Turan» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk deňlikde tamamlandy.
Ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň 8-nji tapgyrynyň duşuşyklary 17-nji maýda geçiriler.
7-nji tapgyryň netijeleri:
«Gümrükçi» – «Turan» – 4:4
TNGIZT – «Senagatbank» – 1:7
«Milli goşun» – «Köpetdag» – 3:16
«Migrasiýa» – «Deňizçi» – 1:3.