Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň GAR-da geçirilýän üçünji dwizionynyň «A» toparçasyndaky üçünji duşuşygynda Taýlandyň ýygyndysyny 6:3 (0:0, 3:0, 3:3) hasabynda ýeňdi.
Şeýlelikde, türkmen ýygyndysy ýaryşda ikinji ýeňşini gazandy. Mundan öň Lýuksemburgyň ýygyndysyndan 4:1 hasabynda üstün çykan türkmenistanly hokkeýçiler ýer eýelerinden 6:9 hasabynda asgyn gelipdiler. Baýram Allaýarowyň şägirtleri ýaryşda ahyrky duşuşygyny 23-nji aprel güni Taýwanyň ýygyndysy bilen geçirer.
Häzir 9 utukly Taýwan toparçada birinji orny eýeleýär. Ikinji orundaky Türkmenistanyň bolsa 6 utugy bar.