Daşoguzda dzýudo we karate-do boýunça welaýatyň açyk çempionaty geçirilýär

15:0520.04.2023
0
17347

Daşoguz şäherindäki sport mekdebinde dzýudo we karate-do boýunça welaýatyň açyk çempionatyna badalga berildi.

Oňa Türkmenistanyň dürli künjeklerinden 400-e golaý türgen gatnaşýar. Dzýudo boýunça ýetginjekleriň we gyzlaryň arasyndaky ýaryş 7-si, has kiçi ýaşlylaryň ýaryşy bolsa bir agram derejesinde geçirilýär.

Karate-do boýunça ýaryşa bolsa şahsy we toparlaýyn ýaryşlar girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň