Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda otlularyň hereketiniň täze meýilnamasy hödürlendi, aprel aýynda ýurtda ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi geçiriler, «SpaceX-iň» we «Alibaba-nyň» wekiliýetleri Aşgabada gelerler we beýleki habarlar

11:3219.04.2023
0
43496

Türkmenistanda

1. Türkmenistanda uzak aralyga ýolagçy otlylarynyň sany artdyryldy. Täze hereket meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabady Türkmenabat, Türkmenbaşy, Serhetabat we Gazojak bilen birleşdirýän otlular gündelik hereket edip başladylar. Täze meýilnamanyň netijesinde, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynyň ýaşaýjylary Aşgabat bilen hemişelik aragatnaşykda bolarlar. Türkmenistanda ýolagçy demir ýol peteklerini «Türkmendemirýollary» agentliginiň resmi saýtynda satyn alyp bilersiňiz.

2. Amerikaly milliarder Ilon Maska degişli bolan «SpaceX» kompaniýasy şu ýylyň 3-4-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek «ITTC 2023» halkara ulag maslahatyna gatnaşjakdygyny tassyklady. «Halkara ulag geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş – 2023» atly foruma dünýäniň 40 ýurdundan 500-den gowrak hünärmen gatnaşar. Bu çärä «Alibaba, «Airbus», «Boeing», «Lufthansa», «FlyDubai», «Lukoil», «Lenovo», «Hyundai», «Toyota», «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» ýaly köp sanly meşhur kompaniýalar hem gatnaşarlar.

3. Türkmenistanda iň owadan ahalteke aty saýlanar. Ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi 30-njy aprelde Aşgabatda geçiriler. Mundan başga-da, Türkmenistanda medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda ahalteke atlarynyň gözelligini iň gowy şekillendirmek boýunça bäsleşikler geçiriler.

4. Kataryň Türkmenistandaky ilçihanasy musulmanlary Remezan naharyna çagyrdy. Katar Döwletiniň Türkmenistandaky wagtlaýyn ynanylan wekili Ganem Abdulla Al-Remaihi musulman jemgyýetiniň wekillerini agzaçara çagyrdy. Katar Döwletiniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen çärä Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew, şeýle hem Türkmenistanda akkreditlenen halkara guramalarynyň diplomatik wekilhanalarynyň we ofisleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

5. Şu ýylyň fewral aýynda Gyrgyzystan Türkmenistandan 62 mln 50 müň kilowatt-sagat elektrik energiýasyny satyn aldy. Onuň umumy bahasy 161 mln 580,7 müň soma deň boldy.

Dünýäde

6. 2023-nji ýylda Moskwada we Russiýanyň beýleki şäherlerinde Ýeňiş güni garyşyk görnüşde geçiriler – sebitlerde Beýik Watançylyk urşunyň hatyrasyna bagyşlanan gönüden-göni gatnaşylýan we onlaýn-çäreler, şol sanda «Ölmez-ýitmez polk» ýörişi geçiriler.

7. «Ýandeks brauzerde» wideo-kontentleri hytaý dilinden terjime etmek mümkinçiligi peýda boldy. Neýrotora (neýroset) diňe bir subtitrler bilen terjime etmek däl, hytaý dilinde wideo görlende daşyndan rusça ses bermek hem öwredildi. «Ýandeks-iň» wekilleriniň bellemeklerine görä, hytaý dilinden rus diline terjime etmek mümkinçiligi goşulansoň, şuňa meňzeş çylşyrymly beýleki diller – ýapon we koreý dilleri bilen işlemek mümkin boldy. Neýrotora hytaý dilini «öwretmek» üçin, ilki bilen, ol 6500 iýeroglif öwrenmäge, şeýle hem hytaý dilinde aýdylanlaryň manysy kesgitlenýän dört heň öwrenmäge mejbur edildi.

Sport habarlary

8. «Arkadag» futbol kluby futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatyndaky ilkinji oýnunda Marynyň «Merw» toparyndan üstün çykdy. Duşuşyk Aşgabatdaky «Nisa» stadionynyň meýdançasynda geçirildi we 2:1 hasabynda tamamlandy. «Arkadag» ilkinji 3 utugyny gazandy we ýaryşyň sanawyň üçünji ornunda ýerleşdi. Sişenbe güni geçirilen beýleki duşuşyklarda «Köpetdag» myhmançylykda «Energetikden» 2:0 hasabynda üstün çykdy, «Nebitçi» bolsa öz meýdançasynda «Şagadamy» ýeňdi – 2:1.

9. Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşyklarynda hiç hili garaşylmadyk ýagdaý bolmady. «Real» ýene-de «Çelsini» ýeňdi, «Milan» bolsa «Napoli» bilen deňme-deň oýnady. Şeýlelikde, «Real» we «Milan» ýarymfinala çykdylar.

10. Russiýanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasynyň ýaryşyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi. Russiýanyň Futbol birleşmesiniň düşündirişi ýaly, muňa oýunçylara «agram» düşmeginden gorky we yssy howa päsgelçilik döredýär.

11. Ronaldunyň «Al-Nasr» topary Saud Arabystanynyň çempionatynda «Al-Hilaldan» 0:2 hasabynda ýeňildi. Odion Igalo iki penalti urgusyny amala aşyrdy. Kriştianu eýýäm yzly-yzyna iki oýun bäri gol geçirmeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň