Soňky habarlar

Arhiw

Kataryň Türkmenistandaky ilçihanasynda agzaçar sadakasy berildi

15:4118.04.2023
0
35660

Kataryň Türkmenistandaky ilçihanasy Oraza aýy mynasybetli agzaçar sadakasyna çagyrdy.

Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ganem bin Abdullah Al Romaýhi musulman jemagatynyň wekillerine Oraz aýy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi.

Katar döwletiniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň baş edarasynda geçirilen çärä Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew, şeýle hem Türkmenistanda akkreditlenen halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň we ofisleriniň ýolbaşçylary, işewürler, metbugat wekilleri gatnaşdy.

Şu ýyl Türkmenistanda 23-nji martdan 20-nji aprel aralygynda Oraza aýy mynasybetli musulmanlar agyz bekleýärler.

2023-nji ýylda Türkmenistanda Oraza baýramy 21-nji aprelde bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen bu baýramçylyk iş güni däl diýlip yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň