Turkmenportal logo
18.04.23
3415134151
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikler geçiriler
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikler geçiriler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle-de «Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji Kararyna laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 30-njy aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi.


Şeýle-de bu bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.