Soňky habarlar

Arhiw

«Milan» iki oýnuň netijesi boýunça «Napolini» ýeňip, ÝÇL-iň ýarym finalyna ýollanma aldy

02:1819.04.2023
0
36566

«Milan» Ýewropa çempionlar ligasynyň çärýek final tapgyrynyň jogap oýnunda myhmançylykda «Napoli» bilen deň oýnady. Neapol şäherindäki «Diýego Armando Maradona» stadionynda geçirilen oýun 1:1 hasabynda tamamlandy.

Oýnuň 43-nji minutynda Oliwýe Žiru «Milany» hasapda öňe çykardy. 93-nji minutda bolsa «Napoliniň» hüjümçisi Wiktor Osimhen hasaby deňledi. Duşuşygyň dowamynda Žiru we Hwiça Kwarasheliýa penaltini dürs ýerine ýetirip bilmedi. Toparlaryň arasyndaky deslapky oýunda 1:0 hasabynda Stefano Pioliniň şägirtleri ýeňiş gazanypdylar. Şeýlelik bilen, «Milan» birinji oýundaky ýeňşiniň hasabyna ýarym final ýollanmasyna eýe çykdy.

«Milan» ýarym finalda «Inter» — «Benfika» jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.

Ýeri gelende bellesek, ÝÇL-iň şu möwsümdäki finaly 10-njy iýunda Stambul şäherindäki Olimpiýa stadionynda oýnalar. Ýaryşyň häzirki çempiony Madridiň «Real» toparydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň