Turkmenportal logo
19.04.23
7566875668
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Käbir şäherlere otly gatnawy artdyryldy

Türkmenistanyň käbir şäherlerine ýolagçy otlylarynyň gatnawlary artdyryldy. Gatnawlar indi ozalky ýaly adaty tertipde amala aşyrylýar.


«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň berýän habaryna görä, 16-njy aprelden Aşgabat — Türkmenabat — Aşgabat ugruna ýolagçy otly gatnawlary gündelik ýola goýuldy.


Şeýle hem Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça otly gatnawlary her gün ýerine ýetirilýär.


19-njy aprelden Türkmenabat — Gazojak — Türkmanabat ugry boýunça-da gatnawlar her gün ýerine ýetiriler.


Gatnaw tertibi bilen «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi web-saýty arkaly giňişleýin tanşyp bilersiňiz!



Şeýle-de okaň: