«Arkadag» futbol kluby Türkmenistanyň çempionatyndaky debýut oýnunda «Merwi» ýeňdi

23:3018.04.2023
0
35758
«Arkadag» futbol kluby Türkmenistanyň çempionatyndaky debýut oýnunda «Merwi» ýeňdi
Türkmenistan Futbol Federasiýasynyň resmi web sahypasyndan surat

«Arkadag» futbol kluby futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatyndaky debýut oýnunda «Merwi» ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk Aşgabatdaky «Nisa» stadionynda geçirildi.

Türkmenistanyň çempionatynyň ikinji tapgyryndan orun alan oýun 2:1 hasabynda tamamlandy. Ýer eýesine ýeňiş getiren gollara Didar Durdyýew (6-njy minut) hem-de Arslanmyrat Amanow (10-njy minut) awtorlyk etdiler. «Merwiň» 49-njy minuta geçiren jogap topy Alibek Abdyrahmanowyň adyna ýazyldy.

Şeýlelikde, «Arkadag» 3 utuk bilen turnir tablisasynda üçünji orna ýerleşdi. Heniz utuk toplap bilmedik «Merw» bolsa sekizinji orunda barýar. Turnir tablisasynda 6 utuk bilen «Köpetdag» liderlik edýär.

Ýeri gelende bellesek, Arkadag şäheriniň adybir «Arkadag» kluby täze döredilip, ol şu möwsümden Türkmenistanyň çempionatynda we Türkmenistanyň Kubogynda gatnaşýan toparlaryň hataryna goşuldy.

«Arkadag» indiki oýnuny 25-nji aprelde «Köpetdag» bilen oýnar. «Merw» bolsa şol gün «Ahal» bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň