«Real»ÝÇL-iň ýarym finalyna çykdy

02:2619.04.2023
0
39116

Madridiň «Real» kluby Ýewropa çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap oýnunda «Çelsini» ýeňlişe sezewar etdi. «Stemford Brij» stadionynda geçirilen oýun 2:0 hasabynda Karlo Ançelottiniň şägirtleriniň peýdasyna tamamlandy.

«Reala» ýeňiş getiren gollaryň ikisini hem oýnuň ikinji ýarymynda Rodrigo derwezä gönükdirdi. «Santýago Bernabeuda» geçirilen deslapky duşuşyk hem 2:0 hasabynda «Realyň» peýdasyna tamamlanypdy. Şeýlelikde, «Real» iki oýnuň netijesine görä, 4:0 hasabynda garşydaşyndan üstün çykyp, ýarym finala ýollanma aldy.

«Realyň» ýarym finaldaky garşydaşy «Mançester Siti» — «Bawariýa» jübütiniň ýeňijisi bolar.

ÝÇL-iň şu möwsümdäki finaly 10-njy iýunda Stambul şäherindäki Olimpiýa stadionynda oýnalar. Ýaryşyň häzirki çempiony Madridiň «Real» toparydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň