Ruslan Mingazow iň gymmat türkmenistanly futbolçy bolmagynda galýar

18:3918.04.2023
0
28585

Gonkongyň «Kitçisiniň» ýarym goragçysy Ruslan Mingazow «Transfermarkt» portalyna görä, iň gymmat türkmenistanly futbolçy bolmagynda galýar.

Nemes portaly Mingazowa 550 müň ýewro baha kesýär. Ikinji orunda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň we «Arkadag» toparynyň ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanow, hüjümçi Selim Nurmyradow we derwezeçi Rahat Japarow bar. Bu futbolçylaryň üçüsiniň hem bahasy 200 müň ýewro ýetýär. Ilkinji bäşlige girýän hüjümçi Altymyrat Annadurdyýewe 175 müň ýewro baha kesilýär.

Ruslan Mingazow «Kitçi» bilen Gonkongyň çempionatynda 15 oýun geçirip, olarda 17 gezek tapawutlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň