Soňky habarlar

Arhiw

Iordaniýaly gyz azyk galyndylaryndan egin-eşik döredýär

16:5717.04.2023
0
40704
Iordaniýaly gyz azyk galyndylaryndan egin-eşik döredýär
Surat: shine.cn

Iordaniýada azyk galyndylaryndan trend egin-eşiklerini döredýän ussahana işleýär diýip, «Habar 24» ýazýar.

Batul Alraşdan atly 28 ýaşly gyz sogan, pyrtykal, mango we kiwi gabyklaryny ýygnap, olardan biomata ýasaýar hem-de zenan köýnekleridir aksessuarlaryny tikýär. Dizaýnçy gyzyň aýtmagyna görä, ol şeýtmek bilen, daşky gurşawyň arassa bolmagyna öz goşandyny goşýar.

Surat:24.kz

Bu barada Batul Alraşdan şeýle gürrüň berýär: - Nysaklar senagatynda daşky gurşawa zyýan ýetirýän önümler taýýarlanýar. Men azyk galyndylaryndan eşik tikmek kararyna geldim. Olar ulanylandan soňra biologik taýdan dargaýarlar hem-de ekologiýa zyýan ýetirmeýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň