14-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrlikleriniň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler guramalarynyň ýolbaşçylarynyň altynjy mejlisine gatnaşar.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowanyň sözlerine görä, duşuşykda syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, ulag, energiýa, medeni we ynsanperwerlik ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary maslahatlaşylar.
Şeýle hem Lawrowyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndan kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşygy meýilleşdirilýär.