Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de bu ýurduň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähriban käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatlaryny iberdiler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
— Siziň käbäňiz — hormatly Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdim. Ogulabat ejäniň ömür ýoly Watany we halky söýmegiň, parasatlylygyň we rehimdarlygyň ajaýyp nusgasydyr. Gazagystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size we Siziň ýakynlaryňyza çuňňur gynanjymy we duýgudaşlygymy beýan edýärin. Goý, mukaddes Remezan aýynda beýik Allatagala biziň doga-dileglerimizi kabul edip, Siziň käbäňiziň jaýyny jennet etsin! — diýip, Kasym-Žomart Tokaýew gynanç hatynda ýazýar.
Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen gynanç hatynda:
— Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Siziň mähriban käbäňiz — Ogulabat ejäniň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim. Parasatly zenanyň, mähriban käbäniň we eneligiň ajaýyp nusgasyny görkezip, Ogulabat eje iki Prezidenti — öz halkynyň iň mynasyp ogullaryny terbiýeläp ýetişdirdi. Onuň nurana keşbi biziň hakydalarymyzda hemişelik galar. Şu hasratly günde Size, Siziň maşgalaňyza we ýakynlaryňyza çuňňur gynanjymy beýan edýärin hem-de Size gaýrat dileýärin — diýip belleýär.