Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Iwan Wolynkini Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine belledi. Degişli Karar şu gün hukuk maglumatlarynyň resmi internet portalynda çap edildi.
Resminamada: «Iwan Kirillowiç Wolynkini Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli» diýilýär.
Russiýanyň Prezidenti başga bir Karar bilen Aleksandr Blohini Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatdy. Blohin 2011-nji ýyldan bäri Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna ýolbaşçylyk edýärdi. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli Aleksandr Blohine «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly gowşuryldy.