Soňky habarlar

Arhiw

«Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky halkara bäsleşik yglan edýär

15:1106.04.2023
0
49531

Habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky 2022-nji ýylyň netijeleri boýunça amallar töwekgelçiliklerine içki gözegçilik ulgamyny bahalandyrmak boýunça garaşsyz audit barlagyny geçirmek üçin halkara bäsleşik yglan etdi.

Ähli gyzyklanma bildirýän taraplardan bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň goýulan gününden başlap, 30 iş gününiň dowamynda aşakdaky salgyda kabul edilýär: Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow şaýolunyň 154-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 44-49-05, 44-49-14.

Elektron salgysy: info@halkbank.gov.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň