Maksim Kazankow ýene toparyny täzeledi

15:4903.04.2023
0
44397

Russiýanyň GOATS mediýa futbol topary hüjümçi Maksim Kazankowyň düzüme goşulandygyny habar berdi. Muny toparyň baş tälimçisi Dmitriý Gradilenko hem tassyklady.

Kazankow ozal «Naşi Parni» toparynda futbol oýnaýardy. Onuň täze topary Winline Medialiganyň üçünji dwizionynda ýaryşar.

Kazankow Winline Medialiganyň ikinji dwizionynda bäş gezek tapawutlandy. Şol gollaryň üçüsi 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi. Kazankow ligada iň kän tapawutlanan futbolçylaryň onlugyna girdi.

36 ýaşly Kazankow Aşgabatda doguldy. Ol paýtagtyň «Nisa», «Köpetdag» we «Aşgabat» toparlary bilen ýurduň çempiony boldy we Naýbaşy kubogy gazandy.

Kazankow karýerasynda 10 gowrak topary çalyşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň