Soňky habarlar

Arhiw

Germaniýa işçi güýjüniň ýetmezçiligini çözmegiň ýoluny tapdy

09:4731.03.2023
0
25527
Germaniýa işçi güýjüniň ýetmezçiligini çözmegiň ýoluny tapdy
Surat: rossaprimavera.ru

Germaniýa Balkan ýurtlaryndan gelen bosgunlaryň hünär taýýarlygyny geçirmegiň hasabyna ýurtda işçi güýjüniň ýetmezçiligini aradan aýyrmak barada özgertmäni yglan etdi. Bu barada «Reuters» neşirine salgylanýan «Report.az» ýazýar.

Ýagny Germaniýa Ýewropa Bileleşigine girmeýän ýurtlardan bolan işçileriň hasabyna bosgunlar barada kanuna üýtgetmeleri girizmekçi bolýar, bu işçi sanyny ýylda 60 müň adam köpeltmäge mümkinçilik berer.

Ýurduň premýer-ministri Olaf Şolsuň hökümeti Ýewropanyň iri ykdysadyýetinde işçi güýjüniň ýetmezçiligini aradan aýyrmak boýunça maksat goýýar. Bu barada Germaniýanyň zähmet ministri Gubertus Haýl aýtdy, ol munuň Germaniýa üçin öňdäki onýyllykda esasy wezipeleriň biri boljakdygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň