Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary mynasyp gören dalaşgärlerine ses berdiler

16:3926.03.2023
0
24647

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdylar.

Ir bilen döwlet ýolbaşçylary Aşgabadyň Köpetdag etrabynyň çäginde ýerleşýän Annanyýaz Artykow adyndaky 68-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebindäki 48-nji saýlaw uçastogyna geldiler. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mynasyp gören dalaşgärlerine ses berdiler.

TDH-nyň habar bermegine görä, Prezident Serdar Berdimuhamedow saýlawlara görlen taýýarlyk işlerine kanagatlanma bildirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetçilik-syýasy çäräniň geçirilýän ýerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň