Soňky habarlar

Arhiw

BSGG: dünýäde mergi keseliniň ýaýramak howpy ýokary

20:5624.03.2023
0
21069
BSGG: dünýäde mergi keseliniň ýaýramak howpy ýokary
Surat: interfax.ru

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) mergi keseliniň mundan beýläk dünýäde ýaýramak howpunyň ýokarydygyny habar berdi. Bu barada «Report.az» neşiri TASS habarlar gullugyna salgylanyp ýazýar.

Guramanyň habarnamasynda 20-nji martdaky ýagdaýa görä, dünýäniň 24 ýurdunda bu kesele ýoluganlar barada habarlaryň gelmegi dowam edýär.

«Dünýäde mergi bilen bagly ýagdaý barada ilkinji synyň çap edilen 2023-nji ýylyň 11-nji fewralyndan bäri ýagdaý ýaramazlaşdy. Ýurtlaryň ýene dördüsi keseliň möwjeýandigini habar berdiler, ýurtlaryň umumy sany bolsa 20-nji martdaky ýagdaýa görä 24-e ýetdi» diýlip, habarda bellenýär.

«Häzirki ýagdaýy hasaba almak bilen, BSGG keseliň ählumumy derejede ýaýramak howpuny ýokary diýip hasaplaýar» diýip, guramada aýdýarlar.

Merginiň möwjemeginiň hasaba alnan ýurtlary, Siriýany hem-de Gaitini goşmak bilen, esasan, Afrikada we Ýakyn Gündogarda ýerleşýär. Ýagdaý has-da Afrikanyň Malawi respublikasynda agyr, geçen ýyl ol ýerde mergiden bir ýarym müňden gowrak adam pida boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň