«Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky «Mobilbank» hyzmatyna birigen müşderileriniň sany boýunça öňdeligi eýeleýär. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi banky habar berýär.
Çeşmäniň berýän maglumatlaryna laýyklykda,2023-nji ýylyň mart aýynyň başyndaky ýagdaýa görä, «Halkbankyň» müşderileriniň 16 340 sanysy «Mobilbank» hyzmatyndan peýdalanýar. Bu ugurda ikinji ýerde «Türkmenistan» (13 820 müşderi), üçünji ýerde bolsa «Daýhanbank» (12 425 müşderi) banklarynyň ady getirilipdir.
Ýeri gelende bellesek, «Halkbankyň» «Mobilbank» hyzmatyndan peýdalanýan müşderileriniň aglabasy welaýatlaryň paýyna düşýär. Has takygy, bankyň Mary welaýatyndaky müşderileriniň 8 106 sanysy, Lebap welaýatyndaky müşderileriniň 6 200 sanysy bu hyzmatdan peýdalanýar.
2023-nji ýylyň 1-nji martyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistan boýunça «Mobilbank» hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany 62 531-e barabar.