Saud Arabystanynda düýe çapmak boýunça Kubok ýaryşlary geçýär, baýragyň gaznasy 21 million dollara deň diýip, «Habar 24» ýazýar.
Bu ýyl ýaryşlar ýurduň Al-Ula diýen ýerinde geçýär, oňa saýlama düýeleriň 40-sy gatnaşýar. Ippodromyň uzynlygy sekiz kilometrden gowrak, ýaryşlara tomaşaçylaryň birbada 900 sanysy tomaşa edip bilýär.
Düýeli ýaryşlar dört gün dowam eder. Düýeliler gysga we uzak aralyga bäsleşerler. Olar ilkinji gün 24 kilometr aralyga ýaryşarlar. Ikinji gün dört we bäş kilometr, üçünji gün alty we sekiz kilometr aralyga ýaryşlar geçiriler. Ýaryşlaryň jemleýji gününde sekiz kilometr aralyga «saýlama ýaryşlar» bolar.