Soňky habarlar

Arhiw

Finlýandiýa dünýäde iň bagtly ýurt diýlip ykrar edildi

10:0221.03.2023
0
22933
Finlýandiýa dünýäde iň bagtly ýurt diýlip ykrar edildi
Surat: ria.ru

Finlýandiýa ýene-de dünýäde iň bagtly ýurt diýlip ykrar edildi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň bagt baradaky nutugynda aýdylýar diýip, «Habar 24» ýazýar.

Ýurt eýýäm alty ýyldyr, bu sanawyň başyny çekip gelýär. Hünärmenleriň pikirine görä, muňa Finlýandiýada durmuş goldawy, oňat zähmet haky, berk jan saglygy we korrupsiýanyň ýokdugy mümkinçilik berýär.

Sanawda ikinji orny Daniýa, üçünji orny Islandiýa eýeledi. Ilkinji dokuzlyga şeýle hem Niderlandlar Patyşalygy, Şwesiýa, Lýuksemburg we Täze Zelandiýa girdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň