Gazagystanly tennisçi Rybakina ilkinji gezek WTA-nyň reýtinginde ýedilige girdi

10:2620.03.2023
3
18948

Gazagystanly tennisçi Ýelena Rybakina karýerasynda ilkinji gezek Indian-Uellsiň ýeňijisi boldy. Bu barada «Çempionat» habar berýär.

2 sagat 6 minut dowam eden aýgytlaýjy duşuşykda Rybakina belarusly Arina Sobolenkony 7:6, 6:4 hasabynda ýeňdi.

Umuman, ol ýaryşyň dowamynda ABŞ-ly Sofiýa Keninden, ispaniýaly Paula Badosadan, russiýaly Warwara Graçýowadan, çehiýaly Karolina Muhowadan, polşaly Iga Swýontekden we belarusly Arina Sobolenkodan üstün çykdy.

Bu ýeňiş gazagystanly türgeni Zenanlaryň tennis assosiasiýasynyň reýtinginde ýedinji basgançaga çykardy. Ol Indian-Uellsdäki ýeňşi üçin 1 million amerikan dollarynyň hem eýesi boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň