Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň ýazky dynç alyş möwsümi başlandy

09:0820.03.2023
0
14903

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuw ýylynyň üçünji çärýegi tamamlandy. Çagalar eýýäm ýazky dynç alyş möwsümine çykdylar. Bu möwsüm 20 ― 28-nji mart aralygynda dowam eder. Şondan soň tä 25-nji maýa çenli okuw ýylynyň dördünji çärýegi alnyp barlar.

Çagalaryň ýazky dynç alyş möwsümi 21 ― 22-nji martda belleniljek Milli bahar baýramyna hem gabat gelýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023 ― 2024-nji okuw ýylynda birinji synpa okuwçylara noutbuklary satyn almak üçin Bilim ministligine degişli şertnamalary baglaşmaga rugsat berendigini habar beripdik.

2022-nji ýylda okuwçylara şeýle kompýuterleriň 159 müň 772-si sowgat berlipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň