Soňky habarlar

Arhiw

«AkDag» kompaniýasyndan tirsekli markizalaryny gurnamak tomus möwsüminde yssy Gün şöhlesinden gorar

13:0818.03.2023
0
51460

«AkDag» kompaniýasy Türkmenistandaky jaýlaryň, daçalaryň, kafeleriň we dükanlaryň eýelerine yssy tomus möwsüminiň öňüsyrasynda täsirli we häzirki zaman çözgüdi – tirsekli markizalary gurnamagy teklip edýär.

Tirsekli markiza – bu bassyrmalaryň görnüşleriniň biridir. Ol Günden, ýagyndan we ýelden goramaga ukyplydyr. Amatly we ygtybarly eplenýän gurluşy mebelleriň hem-de pol örtükleriniň gyzmakdan we ýanmakdan goraglylygyny üpjün eder, bu bolsa yssy tomus aýlarynda Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin örän möhümdir.

«AkDagyň» hödürleýän önümleriniň arasynda matalaryň reňkleriniň we gurluşlarynyň 150-den gowrak görnüşi bar, bu bolsa tirsekli markizanyň jaýyň ýa-da eýwandyň islendik usulda enjamlaşdyrylan daşky keşbi bilen hem sazlaşyk döretmegine mümkinçilik berer. Mundan başga-da, markizalar üçin ulanylýan matalaryň howpsuzlygy «Oko-Tex» gigiýena şahadatnamasy bilen tassyklanýar.

Şeýle hem «AkDagyň» müşderileri matanyň şekilini dolandyrmak ulgamyny saýlap bilerler: elde, awtomatiki, pult bilen ýa-da smartfon arkaly uzakdan dolandyrmak.

«AkDagyň» wekili tirsekli markizalary sargyt etmegiň birnäçe peýdaly taraplaryny mysal getirdi.

Birinjiden, örtük tozany we çyglylygy özüne siňdirmeýär. Ikinjiden, ol solmaga we ýanmaga garşy çydamly. Üçünjiden, ol çişmeýär, şonuň üçin hem uzak möhletli ulanyş üpjün edilýär.

«AkDagyň» tirsekli markizalary bary-ýogy üç günde we önümlerine 5 ýyl kepillik berýändigini bellemek gerek.

«AkDagdan» bassyrma sargyt etmek üçin aşakdaky telefonlara ýüz tutup bilersiňiz:

  • hyzmat ediş gullugy: (+993 65) 69 11 53;
  • ofi: (+993 65) 71 30 55, (+993 65) 71 30 66.

Elektron poçta: akdagtm@gmail.com

Kompaniýanyň aşgabatdaky ofisi Gurtly ýaşaýyş toplumynda B43 binasynda ýerleşýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň