«AkDag» türkmen kompaniýasy ygtybarly awtomatiki şlagbaumlary we süýşýän gapylary hödürleýär

13:2803.03.2023
0
39415

«AkDag» türkmen kompaniýasy täze hyzmatdaşyny – «Cuppon» haryt nyşany bilen şlagbaumlary we süýşýän gapylar üçin awtomatiki açylyş ulgamlaryny öndürýän «Sinus Electronic» türk kompaniýasynyň önümlerini hödürleýär.

«Sinus Electronic» Türkiýäniň bazarynda öňdebaryjy we okgunly ösýän kompaniýalaryň biridir. Kompaniýa 1998-nji ýyldan bäri «Cuppon» haryt nyşanly motor ulgamlarynyň, şeýle hem awtomatiki süýşýän we toplanýan gapylaryň, tigirçekli gabsalar üçin üznüksiz elektrik üpjünçiliginiň we başga-da köpdürli önümleriň önümçiligi hem-de tehniki taýdan hyzmatlary bilen meşgullanýar.

«AkDag» işewür-hyzmatdaşlaryny saýlamaga örän ünsli çemeleşýär, çünki kompaniýanyň maksady müşderileri häzirki zaman we ygtybarly awtomatlaşdyrylan ulgamlary bilen üpjün etmekden ybaratdyr. «Cuppon» haryt nyşanly önümleriň möhüm aýratynlygy – bahanyň we hiliň amatly utgaşdyrylmagyndadyr.

«AkDag» kompaniýasynyň ýokary hünär derejeli hünärmenleri aşakdaky önümleri düzmek we gurnamak işlerini ýerine ýetirýärler:

  • sensorly awtomatiki süýşýän gapylar;
  • sessiz awtomatiki şlagbaumlar;
  • dürli görnüşli derwezeler üçin awtomatiki elektrik hereketlendirijiler;
  • toplanýan derwezeler üçin mehanizmler.

Türk haryt nyşany «Cuppon-yň» önümleriniň uzak ömürliligi bilen tapawutlanýandygyny bellemek gerek. Olar hereketiň örän işjeň ýerlerinde üstünlikli peýdalanylýarlar: söwda merkezleri, ýangyç guýulýan beketler, howa menzilleri we ş.m.

«AkDag» kompaniýasynyň Türkmenistanyň çäklerinde tigirçekli gabsalary, awtomatiki derwezeleri, pergolalary, gilýotin aýna ulgamlaryny, şlagbaumlary we süýşýän gapylary öndürmek we gurnamak işlerine ýöriteleşendigini ýatladýarys.

Şeýle hem «AkDag» öndürijä garamazdan, gije-gündiziň dowamynda enjamlara tehniki taýdan hyzmat ediş we abatlamak hyzmatlaryny üpjün edýär.

«AkDag» kompaniýasynyň ofisiniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, Bagtyýarlyk etraby, Gurtly kiçi etrapçasy 6-7 2/23.

Telefon belgileri: (+993 65) 69 11 53, (+993 65) 71 30 55, (+993 65) 71 30 66.

Elektron poçta: akdagtm@gmail.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň